Programma barada iň köp berilýän soraglar. Jogap tapmasaň, sag aşakdaky Samire ýazyp bilersiň.
Programma /download sahypasyndan APK görnüşinde ýüklenýär. Android 8.0 we ondan ýokary gerek. Ilkinji gezek «näbelli çeşme» barada duýduryş çyksa, şol brauzere rugsat bermeli.
Täzelenme üçin /download sahypasyndan iň soňky APK-ny ýükläp, üstüne gurmaly. Maglumatlaryň pozulmaýar.
Namaz wagtlary ýerleşýän ýeriň boýunça hasaplanýar. Sazlamalarda hasaplama usulyny (Muslim World League, Diyanet, Umm al-Qura we ş.m.) we mezhebi (Hanafy / Şafygy) saýlap bolýar. Internetsiz hem telefonyň özi hasaplaýar.
Wagt bir-iki minut tapawutly bolsa, Sazlamalarda her namaz üçin el bilen düzediş (+/- minut) goýup bolýar. Şäher nädogry bolsa, Sazlamalarda ýeri täzeden kesgitle.
Ýatlatmalar gelmeýän bolsa üç zady barla: bildirişlere rugsat berlenmi, «takyk oýarma» (exact alarm) rugsady barmy we programma batareýa tygşytlaýjydan aýrylanmy. Üçüsi hem Sazlamalarda bir düwme bilen açylýar.
Kybla ekrany telefonyň kompasyny ulanýar. Ok bulaşyk bolsa telefony howada sekiz görnüşinde birnäçe gezek aýla — kompas şeýdip kalibrlenýär. Ýanyňda metal ýa magnit bolmasyn.
Mugt we premium tapawudy: öz punktlaryň 3 → 7, Samire soraglar gije-gündizde 30 → çäksiz, öz kitaplaryň 3 → 50. Namaz, Kybla, Gurhan we beýleki esasy bölümler mugt planda-da doly işleýär.
Açar Premium ekranyndaky meýdana girizilip, «Aktiwirle» basylýar. Açar enjama baglanýar. Başga telefona geçirmek üçin ilki köne telefonda «Öçür» (deaktiwasiýa) etmeli.
Premium internetsiz hem işleýär, ýöne çäksiz däl: programma iň soňky üstünlikli barlaga 7 gün ynanýar. Şondan soň internet bilen bir gezek açylsa, premium ýene dikelýär.
Programmada dört dil bar: türkmen, rus, iňlis we arap. Dil Sazlamalardan çalyşylýar, programmany täzeden açmak gerek däl.
Öňegidişlik Android-yň öz ätiýaçlyk ulgamy arkaly Google hasabyňa ýazylýar we täze telefonda programma gurlanda özi dikelýär. Profil ekranynda haýsy hasapdadygyňy görüp bolýar.
Ädim sanaýjy telefonyň datçigini ulanýar we fiziki işjeňlige rugsat soraýar. Rugsat berilmese ädimler sanalmaýar.
Maglumatlar telefonda saklanýar. Serwere diňe lisenziýa barlagy we Samire iberilýän soraglar gidýär. Programma kontaktlary, suratlary ýa ýazgylary okamaýar.
Baş ekrana widjet goýup bolýar: indiki namazyň wagty we günüň meseleleri. Widjet baş ekrany uzak basyp, widjetler sanawyndan saýlanýar.
Bäş wagt namazyň takyk wagty telefonyňda: ertir (fajr), öýle (zuhr), ikindi (asr), agşam (magrib) we ýassy (yş…
🧭Telefonyňy elde tekiz tut — ok Käbä tarap öwrülýär. Kybla nätanyş şäherde, myhmançylykda ýa ýolda derrew tapyl…
📖Gurhanyň suralary, tejwid düzgünleri we sapaklaryň ses ýazgylary — bir bölümde. Sapagy telefona ýükläp, soň in…
🤲Günüň her pursady üçin doga: turanyňda, nahardan öň we soň, öýden çykanyňda, ýola düşeniňde, ukudan öň, gaýgy …
📿Elektron tesbih: ekrana bas — san artýar. Maksat hökmünde 33, 99, 100, 500, 1000 ýa öz sanyňy ýazyp bolýar, is…
☑️Gündelik durmuşda ýygy soralýan zatlaryň hökümi: iýmit we içgi, söwda we pul, egin-eşik, gatnaşyklar, dermanla…
🔤Arap elipbiýinden başlap, harplaryň söz içinde nähili birleşýändigine we ilkinji sözlere çenli — Gurhany düşün…
🗓️Günüň wezipelerini ýaz, ýatlatma goý, endiklerini yzarla. Namaz wagtlary bilen bir programmada bolany üçin gün…
🏋️Türgenleşik meýilnamasy, iýmitlenme gollanmasy, agramyň üýtgemegi we gündelik ädim sany — beden saglygy hem gü…
✨Samir — programmanyň içindäki kömekçi. Sorag berseň jogap berýär, öňki gürrüňi ýatda saklaýar we programmanyň …